Durmuş abadançylygy — rowaçlygyň binýady

31 Oktýabr 2024
292

Ýurdumyzda bolup geçýän milli, sebit hem-de dünýä ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy, medeni-ykdysady wakalar ösüşimiziň okgunly depginini, onuň giň gerimini we işjeň häsiýetini görkezýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda taryhymyza altyn harplar bilen ýazylan şanly wakalaryň, iri we möhüm ähmiýetli jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň biri hem, elbetde, 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisidir.

Mälim bolşy ýaly, ählihalk forumynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni-syýasy taýdan ösdürmek babatda edilen işleriň jemi jemlendi hem-de Watanymyzyň uzak möhletleýin ösüşini nazarlaýan möhüm wezipeler öňde goýulýan, wajyp resminamalar kabul edildi. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öz çykyşlarynda belleýişleri ýaly, geljekde ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda köp sanly işler alnyp barlar. Milli özboluşlylygy, durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen işlenip taýýarlanan, ylmy taýdan esaslandyrylan döwlet ösüş strategiýasynyň üstünlikli amala aşyrylmagy demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň gülläp ösmegini, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyny şertlendirdi. Özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde sebitlerde mekdepleridir çagalar baglaryny, saglyk we medeniýet öýlerini özünde jemleýän, zerur durmuş düzümleri bolan täze obalar gurulýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlup ulanmaga berlen Arkadag şäheri bolsa ýurdumyzyň häzirki ykdysady kuwwatynyň hem-de halk hakynda edilýän aladanyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Oguljennet BERDILIÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň başlygy.