Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar. Il-ýurt bähbitli işler ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen okgunly gadam urýan ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýär.
Ajaýyp zamanamyzda ykdysadyýetimiziň ösüşine täsir edýän özgertmeler barha öňe ilerleýär. Döwlet durmuşynyň ähli pudaklaryny kämilleşdirmeklige we depginli ösdürmeklige, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin oňyn şertleri döretmeklige, raýatlaryň netijeli zähmet çekmekleri we oňat dynç almaklary üçin amatly şertleri üpjün etmeklige gönükdirilen işler aýdyň netijesini berýär.