Dünýäniň belent ykrarnamasy

23 Oktýabr 2024
237

Eziz Diýarymyzyň halkara abraýynyň belent derejelere göterilýändigini daşary syýasatda alnyp barylýan ynsanperwer işler, gazanylýan taryhy üstünlikler subut edýär. Tutuş adamzadyň ösüşine gönükdirilen şol işler dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ýurdumyzyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi döwletimiziň parahatçylyk söýüjilik, sebitde we dünýäde asudalygy, howpsuzlygy üpjün etmek, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek ýörelgelerine eýerýän daşary syýasatynyň dabaralanmagydyr hem-de türkmen döwletiniň we halkynyň halkara abraýyny, şöhratyny hem mertebesini beýgeldýän şanly wakadyr. Gözel paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permana gol çekmegi we resminama laýyklykda, taryhy ýyl mynasybetli göz öňünde tutulýan dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmekligiň bellenilmegi geljek ýylyň many-mazmunyny we ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusyndaky: «Hoşniýetli dost ili — biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk — saýlan aýdyň ýolumyz!» diýen çuňňur manyly sözler dünýä halklary bilen dostluk köprüsini gurýan, dost-doganlygy baýdak edinýän ata Watanymyzyň, BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň şan-şöhratyny täze belentliklere göterýär. Çünki berkarar ýurdumyz dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde giňden tanalýar. 

Toýly SULTANMYRADOW,
Türkmenbaşy şäher döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 3-nji derejeli ýurist.