Döwrebap bank hyzmatlary halkyň bähbidine

23 Oktýabr 2024
324

Milli ykdysadyýeti çalt depginler bilen ösdürmekde, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň öňünde goýlan anyk wezipeleri ýerine ýetirmekde bank ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Pul-karz syýasatynyň çäklerinde ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlaryny pul serişdeleri bilen üpjün etmek, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak maksady bilen, ýurdumyzyň karz edaralarynda işler sanly ulgamyň giň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly guralýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem bank ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenendir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly  Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde bank ulgamynda uly ösüşler gazanylýar. Ulgamy ösdürmek ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Milli ykdysadyýetiň ösüşi bank ulgamynyň netijeli işi bilen berk baglanyşyklydyr. Ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýan  döwletimizde milli ykdysadyýetimizde ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň abadan hem bolelin ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky beýik maksatdan ugur alýar. Ýurdumyzda alnyp barylýan pul-karz syýasatynyň maksady hem durnukly ykdysady ösüşi gazanmakdan, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan we raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakdan ybarat bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, «Rysgal» paýdarlar  täjirçilik bankynyň hem ýurdumyzyň ykdysady ösüşlerine öz goşandyny goşýandygyny bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, türkmen telekeçileriniň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de eksporta niýetlenen täze önümçilikleri we bazar bolçulygyny döretmegi, alyjylaryň ýokary isleg bildirýän önümlerini öndürmegi üçin döwlet tarapyndan ajaýyp şertler üpjün edilýär. Telekeçiligi ösdürmek we goldamak boýunça badalga berlen özgertmeleriň, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalaryň çäklerinde telekeçiligi ösdürmek üçin milli ykdysadyýetimiziň önümçilik maksatly ugurlaryna karzlary bermekde, eksporta niýetlenilen hem-de importyň ornuny tutýan ýokary hilli harytlary öndürmeklige gönükdirilen iri taslamalary maliýeleşdirmekde bank tarapyndan döwrüň talaplaryna laýyklykda hyzmatlar ýola goýlandyr. Has dogrusy, bankymyz tarapyndan telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplara teklip edilýän hyzmatlaryň sany artdyrylýar. Sanly ulgamyň döwrebap mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagy bank hyzmatlarynyň sanynyň artmagyna we hiliniň ýokarlanmagyna itergi berdi. Nagt däl hasaplaşyklar müşderileriň öz serişdelerini uzak aralykdan dolandyrmak mümkinçiligini ýokarlandyrdy. Häzirki wagtda şahsy taraplar üçin menzilara bank hyzmatlarynyň görnüşleri bolan «Internet-banking», «Mobil-banking» ulgamlarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanýan müşderileriň sany barha artýar. Amatly hem ygtybarly bolan bu ulgamlaryň üsti bilen banka barmazdan, sanly ulgam arkaly dürli hyzmatlardan peýdalanyp bolýar.

Gunça MYRADOWA,
«Rysgal» paýdarlar täjirçilik bankynyň «Rysgally Balkan» şahamçasynyň işgärler bilen işleýän esasy hünärmeni.