Gündogaryň beýik akyldary, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen, mazmuny we gerimi boýunça dünýä ýaň salan halkara forumynyň yzysüre Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza ýurtlaryň II teatr festiwalynyň geçirilmegi berkarar Diýarymyzda dost-doganlygyň, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň barha dabaralanýandygynyň subutnamasyna öwrüldi.
Festiwalyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň oňa gatnaşyjylara türki halklaryň medeniýetiniň, sungatynyň ösmegine, ýakynlaşmagyna önjeýli goşant goşýan bu guramanyň işine ýokary baha berýän hem-de halkara festiwalyň işine üstünlikler arzuw edýän çuňňur mazmunly Gutlagynyň okalmagy dostlukly döwletlerden gelen sungat we döredijilik işgärlerinde hoşallyk we ýokary ruhubelentlik duýgularyny döretdi. Festiwalyň çäginde TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň ýazyjy-şahyrlarynyň, suratkeşleriniň, teatrlaryň döredijilik toparlarynyň, şeýle hem bu abraýly halkara guramasynyň Muzeýler birleşiginiň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahatlaryň geçirilmegi, türki halklaryň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny mundan buýana hem ösdürmek barada özara pikir we tejribe alşylmagy dostlukly ýurtlaryň medeniýetleriniň has-da ýakynlaşmagyna we ösmegine itergi berendigini buýsanç bilen bellemek bolar. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu çäräniň 2024-nji ýylda gadymy Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine hem-de Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanmagy bu halkara forumyna gatnaşýan wekilleriň şöhratly taryhymyza, gadymyýetiň çuňluklaryndan gaýdýan, nusgalyk ynsanperwer ýörelgeleri özünde jemleýän milli mirasymyza, türkmen halkynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuny özünde jemleýän milli medeniýetine, sungatyna, döredijilik dünýäsine has-da içgin aralaşmaklaryna şert döretdi.