Innowasion ugur bilen

23 Oktýabr 2024
392

Hormatly Prezidentimiziň «Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr» diýip aýdan sözleriniň durmuş-ýaşaýşymyzda hasyl bolýandygyny uly buýsanç bilen synlaýarys.

Hut öz welaýatymyzyň çäginde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işe girizilmegi ildeşlerimizi örän begendirdi. Bu desgalaryň önümleri ýurdumyzyň içinde-de, daşynda-da uly islegden peýdalanýar. Meselem, sementiň «PS-400», «PS-500», «PS-600» ýaly görnüşleri häzirki wagtda halkara giňişlikde ýurdumyzyň innowasion önümçiliginiň ýokary derejede ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Sementiň gurluşykda belli bir bahasynyň bolmaýşy ýaly, glisirrizin turşusynyň hem derman, şeýle hem azyk senagatynda gadyry bir başgadyr. Ol azyk önümlerine goşulanda, adam saglygyna gowy täsirini ýetirýär. Şonuň üçin täze önüme uly isleg bildirilýär. Oňa bolan islegiň ýokary bolmagy döwletimiziň ykdysady peýdasynyň ýene-de artmagyny üpjün eder.

Pirguly KÖMEKOW,
welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.