Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda, saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda ýaýbaňlandyrylan il-ýurt bähbitli özgertmeler guwandyryjy üstünliklere beslenip, öz netijeliligi bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şeýle özgertmeler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda, ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar we abadan durmuşy, sagdyn ýaşaýşy hakynda taýsyz tagallalar edilýändigini ähli aýdyňlygy bilen görkezýär.
Her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem ýurdumyzda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giň gerimli dabaralar bilen bellenildi. Baýramçylyk günlerinde geçirilen dürli çäreler, täze saglygy goraýyş edaralarynyň açylyşlary diňe bir saglygy goraýyş işgärlerinde däl, ähli halkymyzda uly ruhubelentlik, çuňňur kanagatlanma duýgusyny döretdi. Çünki şol wakalar ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň ortaça ömür dowamlylygyny uzaltmak babatda amala aşyrylýan işleriň yzygiderli häsiýete eýedigini ýene bir gezek tassyklady.