Beýik akyldaryň hormatyna

19 Oktýabr 2024
281

Türkmen halkynyň öz beýik şahsyýetlerine çäksiz uly sarpa goýýandygyna, olaryň at-abraýynyň dünýä içre has-da beýgelmegi üçin ähli tagallalary edýändigine «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň hormatyna geçirilýän giň gerimli dabaralaryň, söz ussady bilen baglanyşykly buýsançly hem şanly wakalaryň mysalynda aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýyly hökmünde taryha altyn harplar bilen ýazyljak şanly ýylymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen şahyryň edebi mirasyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, abraý-mertebesini öňküden hem belende galdyrmakda jahana nusgalyk işleriň amala aşyrylýandygyna bu gün aýdyň göz ýetirýäris. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden dünýä ýaýmak we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, 11-nji oktýabrda Aşgabatda wekilçilikli halkara forum geçirildi. Beýik türkmen akyldarynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýokary derejeli bu maslahata dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň gatnaşmagy şahyryň hormatyna geçirilýän dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanylýar, ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny Ýer ýüzüne maglum eden ussatdyr. Şahyra belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ata-babalarymyzyň akyl-paýhas mirasyny mynasyp sarpalamak, içgin öwrenmek, nesil terbiýesinde netijeli peýdalanmak üçin uly mümkinçilikler döredildi.

Aýjemal AKLYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.