Welaýatlardan habarlar

19 Oktýabr 2024
345

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, berk bedenli, sagdyn ruhly, maksadaokgunly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek baradaky işlere aýratyn üns berilýär. Bu ugurda Milli Liderimiz tarapyndan binýady goýlan we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde Diýarymyz sagdynlygyň hem ruhubelentligiň mekanyna öwrüldi.

Wagyz-ündew çäreleri ýaşlaryň arasynda sporta, sagdyn durmuş ýörelgesine, köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höwesdir söýgini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda mynasyp orny eýeleýär. Şeýle çäreler biziň mekdebimizde hem yzygiderli geçirilip, olarda sagdyn durmuş ýörelgesine eýermegiň, zyýanly endiklerden daşda bolup, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edilýär. Ýurdumyzda ussat türgenleriň kemala gelmegi, sportuň, sagdyn durmuş ýörelgesiniň jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryny gurşap almagy üçin ajaýyp şert-mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdyr hoşallyk sözleri bolsa wagyz-ündew çärelerinde çykyş edýänleriň dilleriniň senasyna öwrülýär.