Kämil söze sarpanyň dünýä derejesi

17 Oktýabr 2024
364

Aşgabat forumyndan soňky oýlanmalar

Şu günler ýurdumyzda uly toý ruhy höküm sürýär. Alysdan-ýakyndan myhman garşylap, supra ýaýyp, şowhun eýläp, tutumy-owazasy uludan tutulan «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň toý kemi galdymy diý! Asyl-ha, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň dünýäniň toýuna öwrülendigini hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şol forumda eden çykyşynda jaýdar belledi. Dünýä ýurtlarynyň 24-sinden myhmanlaryň, şol sanda 9 ýurtdan döwlet Baştutany derejesinde wekiliýetleriň, şeýle-de iri halkara guramalaryň 8-siniň ýolbaşçylarynyň paýtagtymyza gelip, toý şatlygymyzy paýlaşandyklary bu tutumly toýuň derejesini aýan-aýdyň görkezýär. Ine, türkmeniň beýik şahyrynyň mertebesi! Kämil Söze sarpanyň dünýä derejesi! Forumyň waspyny-wagzyny ýaýmaga daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň 200-den gowragynyň Aşgabada gelendigi-de kän zatlary aňladýar.

Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”.