Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

10 Sentýabr 2024
52

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen «World Smart City Expo 2024» atly halkara serginiň çäklerinde Arkadag şäherine üç sylagyň — «Iň tapawutlanan «akylly» şäher», «Daşary ýurt «akylly» şäheri», «World Smart City Expo 2024» halkara sergisine goşan uly goşandy üçin» atly sylaglaryň berilmegi mynasybetli gutlag hatlary gelip gowuşýar.

Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän, ähli babatda nusgalyk Arkadag şäherine bu sylaglaryň gowşurylmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasynyň halkara ykrarnama eýe bolýandygynyň güwäsidir. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

(TDH)