Arkadag şäheri — belent sepgitlerimiziň nyşany

9 Sentýabr 2024
33

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurulmagy ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýaýbaňlandyrylyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän ägirt uly özgertmeleriň anyk netijesidir. Şunuň bilen baglylykda, 7-nji sentýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, täze şäheriň ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň taslamalary bilen tanyşmagy aýratyn ähmiýetlidir.

Ilki bilen, Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Milli Liderimizi şäheriň ähli ilatynyň adyndan täze şäheriň Koreýa Respublikasynda geçirilen «World Smart City Expo» atly halkara sergisinde üç ugur boýunça ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen gutlady. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň degişli Buýrugy esasynda türkmen wekiliýetiniň «akylly» şäherleriň sergisine gatnaşmak hem-de Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasterini amala aşyrmak üçin zerur bolan Koreýa Respublikasynyň lukmançylykda ulanylýan serişdelerini öndürijiler bilen duşuşmak we degişli zawodlary ýerinde görmek maksady bilen, Seul şäherinde gulluk iş saparynda bolandygyny aýtdy.

«Nesil».