Gadymy Anew medeniýeti

3 Sentýabr 2024
634

Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen buýsançly ady göterýän ýylynda hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy şu ýylyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda neşir edilen bu kitap okyjylar köpçüligi üçin gymmatly sowgat bolup, ilkinji nobatda, ýaş nesil üçin terbiýeçilik ähmiýetlidir.

Milli mirasymyzyň dünýä derejesinde yzygiderli wagyz edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-jemgyýetçilik, ensiklopedik, çeper eserleri bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby milli Liderimiziň mähriban halkymyzyň taryhy baradaky çuň many-mazmunly eserleriniň üstüni ýetirdi. Onda ygtybarly taryhy maglumatlar berilýär, Gahryman Arkadagymyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Änewiň gadymyýeti, şu güni hakyndaky gürrüňlerinden bölekler getirilýär.

Batyr ORAZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktorynyň orunbasary.