Köneürgenjiň täsin ýadygärligi

8 Awgust 2024
747

Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy, arhitektura ylymlarynyň doktory Muhammetdurdy Mämmedowyň ylmy ýolbaşçylygyndaky arheologik topar «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hasabyndaky şäher merkezinden günorta tarapa ýaýlyp gidýän arhitektura ýadygärlikler toplumynda ýerleşýän «Kerwensaraý» ýadygärliginiň gurluşyk maksadyny anyklamak, ony ylmy dolanyşyga girizmek işlerine başlady.

Bu orta asyr ýadygärligi biziň döwrümize çenli diňe girelge görnüşinde saklanyp galmak bilen, ol haýsydyr bir ymarata esasy derweze bolup hyzmat edipdir. Gazuw-barlag işleriniň netijesinde, demirgazyga bakyp duran esasy peştagyň (girelgäniň) günbatar tarapyndan günbatarlygyna 20.9 metr uzalyp gidýän, 1.5 metr inlilikde, 22x22x5 ölçegdäki bitin we döwük kerpiçlerden peýdalanylyp örülen diwar galyndylary ýüze çykaryldy. Peştagdan 20.9 metr aralykdan diwaryň günortalygyna 90 derejedäki öwrümi onuň howly tarapyny açyp görkezdi. Günbatar diwaryň dowamynyň 24.05 metr nokadynda demirgazyk peştagy bilen deň ölçegdäki ýene-de bir günbatar tarapdaky peştagyň galyndysy tapyldy.

Parahat AŞYROW,
«Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy.