Energiýany tygşytlamak syýasatynyň milli kanunçylyk esasy döredildi

29 Iýul 2024
504

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energiýa üpjünçilik ulgamy yzygiderli ösüşlere beslenýär. Türkmenistan dünýäniň energetika serişdelerine baý döwletleriniň biri bolmak bilen, döwrüň şertlerine we talaplaryna kybap gelýän energetika howpsuzlygynyň täze arhitekturasyny döretmek meselelerine aýratyn üns berýär. Içerki sarp edijileri energiýa serişdeleri bilen ygtybarly hem-de bökdençsiz üpjün etmek, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagy ygtybarly we kämil kanunçylygyň bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalary, şol sanda energiýa üpjünçiligi çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk namalary öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 14-nji maddasynda energiýanyň çeşmeleri bolup durýan ýeriň, ýerasty baýlyklaryň, suwlaryň, şeýle hem beýleki tebigy baýlyklaryň Türkmenistanyň umumymilli baýlygy bolup durýandygy, döwlet tarapyndan goralýandygy we rejeli peýdalanylmaga degişlidigi berkidilen.

Häzirki wagtda «Uglewodorod serişdeleri hakynda», «Elektrik energetikasy hakynda», «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», «Türkmenistanyň energetika diplomatiýasyny ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy», «Energiýanyň dikeldilýän çeşmelerini ösdürmek boýunça 2030-njy ýyla çenli Türkmenistanyň Milli strategiýasy» hem-de başga-da birnäçe kadalaşdyryjy we düzgünleşdiriji hukuk namalary hereket edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmeklige gönükdirilen işleriň milli kanunçylyk esaslarynyň yzygiderli berkidilmegine gönükdirilen işler uzakmöhletleýin esasda alnyp barylýar. Munuň şeýledigini sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly», «ýaşyl» şäher Arkadag şäherinde energiýany tygşytlaýjy, dünýäniň iň soňky gazananlary ornaşdyrylan desgalaryň, elektromobilleriň, elektrobuslaryň bolmagy-da doly tassyklaýar.

Nepes ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.