Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy: Garaşsyzlyk ýyllarynyň gadamlary

29 Iýul 2024
557

Birža söwdalarynda baglaşylýan geleşikler, söwdalarda satylan harytlaryň görnüşi, bahasy, möçberi we alyjylar boýunça maglumatlar ýerli we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýär. Degişli maglumatlar we görkezijiler Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň resmi saýtynda hem çap edilýär. Hepdelik söwdalaryň jemi boýunça habarlar halk köpçüligine yzygiderli ýetirilip durulýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň zähmetsöýer işgärleri bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň agzybir işgärleri hem ýokary zähmet üstünlikleri bilen milli ykdysadyýetimiziň ösüşine mynasyp goşant goşýarlar.

Süleýman DÖWLETMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň Halkara gatnaşyklary we maglumat seljeriş müdirliginiň başlygy.