Tehnikalar saz işledilýär

17 Iýul 2024
599

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, pudakda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň hatarynda durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasy hem özüniň alyp barýan işleri bilen ýokary netijeleri gazanyp gelýär.

Tehniki hyzmat ediş kärhanasy ýük we ýeňil awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu ýerde 600-den gowrak adam zähmet çekýär. Tejribeli sürüjiler dürli görnüşli awtoulaglara we ýükleýji mehanizmlere, burawlaýjylara ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda bildirilýän talaplary doly ödemegi başarýarlar. «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy Rustam Gurbanow:

Baýnazar BAÝHANOW.
«Türkmenistan».