5 milliard amerikan dollarlykpaýnama satuwa çykarýar

7 Iýul 2024
225

«Amazonyň» esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Jeff Bezos kompaniýanyň özüne degişli bolan 25 million sany paýnamasyny satmagy meýilleşdirýär. Paýnamalaryň umumy bahasy, takmynan, 5 milliard amerikan dollary töweregindedir.

Bezosyň uly mukdardaky paýnamalary satjakdygy baradaky habar geçen hepdäniň sişenbe günündäki birža söwdalaryndan soňra peýda boldy. Şol gün kompaniýanyň paýnamalary rekord derejede gymmatlady. Has takygy, her bir paýnamanyň bahasy 200,4 amerikan dollaryna çenli ýokarlandy. Maglumat üçin, Jeff Bezos şu ýylyň fewral aýynda hem «Amazonyň» umumy bahasy 8,5 milliard amerikan dollaryna barabar bolan paýnamalaryny satuwa çykarypdy.