ÝB goşmaça gümrük salgydyny girizer

7 Iýul 2024
365

Ýewropa Bileleşigi 5-nji iýuldan başlap, Hytaýdan import edilýän elektromobiller üçin deslapky goşmaça gümrük salgydyny girizer.

ÝB-niň resmi saýtynda ýerleşdirilen maglumata görä, deslapky goşmaça gümrük salgydy «BYD» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 17,4 göterime, «Geely» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 19,9 göterime, «SAIC» kompaniýasynyň elektromobilleri üçin 37,6 göterime deň bolar. Şeýle-de ÝB-niň degişli ugurdaky derňewinde hyzmatdaşlyk eden beýleki brendleriň önümlerine 20,8 göterim, hyzmatdaşlyk etmedik brendleriň önümlerine bolsa 37,6 göterim deslapky goşmaça gümrük salgydy salnar.