«Ýaşyl» ykdysadyýetde innowasion şäherler

3 Iýul 2024
307

Häzirki zaman jemgyýetinde işewürligiň we önümçiligiň durnukly ösüşini gazanmak üçin hökmany suratda «ýaşyl» ykdysadyýetiň ýörelgelerine eýermek zerurdyr. Şoňa görä-de, soňky ýyllarda döwür bilen deň gadam urýan, ösen we ösüp barýan döwletler daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen syýasaty alyp barmak bilen, tebigatyň baýlyklaryny we önümçilik serişdelerini rejeli peýdalanmaga ähmiýet berýärler. «Ýaşyl» ykdysadyýete geçişde iri ilatly ýerlerde we şäherlerde oňaýly, innowasion, ekologik taýdan arassa gurşawy kemala getirmek maksady bilen, «akylly» şäher konsepsiýasy ösdürilýär. Şäherleriň ilat sanynyň yzygiderli artýandygyny nazara alsaň, innowasiýalara daýanyp, daşky gurşaw üçin howpsuz hem-de ýaşaýjylar üçin oňaýly durmuş şertlerini göz öňünde tutýan bu konsepsiýanyň geljeginiň uludygy äşgär bolýar.

Bütindünýä derejesinde şäher ilatynyň yzygiderli artmagy häzirki zaman ykdysadyýetine mahsus ýagdaýdyr. Munuň özi, bir tarapdan, ykdysadyýetiň önümçilik däl pudaklarynyň, hyzmatlar ulgamynyň ösüşine, innowasiýalaryň işlenip taýýarlanylmagyna we ornaşdyrylmagyna ýardam berýän bolsa, beýleki tarapdan, daşky gurşawyň abadançylygyny we oňaýly durmuş şertlerini üpjün etmek bilen baglanyşykly kynçylyklaryň ýüze çykmagyna getirýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy bu kynçylyklaryň oňyn çözgütlerini tapmaga ýardam berýär. «Akylly» şäher diýen düşünje sanly tehnologiýalaryň kömeginden peýdalanyp, serişdeleri ýerlikli we tygşytly peýdalanýan aýawly şäheriň nusgasyny aňladýar. Şeýle şäherde durmuş we işewürlik gatnaşyklarynyň yzygiderli seljerilmegi her bir adama we tutuş jemgyýete mümkin bolan iň ýokary netijäni gazanmaga ýardam edýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.