Suw desgasynyň hyzmaty

1 Iýul 2024
272

«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirligi boýunça gaz känlerinden tebigy gazy çykarmak, önümi harytlyk derejesine ýetirip, sarp edijilere ugratmak boýunça öňde goýulýan meýilnamalaýyn tabşyryklar gazçylar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Gazanylýan üstünliklerde müdirligiň hyzmat ediş kärhanalarynyň işgärleriniň hem mynasyp paýy bar. Kärhananyň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň suw arassalaýjy desgalarynyň işgärleriniň gazçylara hyzmat etmekdäki alyp barýan işleri-de bellärliklidir.

Hanhowuz suw arassalaýjy desgasy sehiň iň baýry kärhanasydyr. Geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynyň başlarynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän baý gaz gorly Şatlyk gaz ýatagynyň özleşdirilip başlanmagy bilen gurlan bu desganyň işe girizilenine ýarym asyrdan-da köp wagt geçipdir. Ilkibaşda müdirligiň Günbatar Şatlyk hem-de Gündogar Şatlyk gaz känlerini arassa suw bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin gurlan desga şu ýerde işleýän hünärmenleriň, işçileriň çekýän yhlasly zähmeti arkaly häzirem durnukly işläp, sarp edijilere gije-gündiziň dowamynda arassa suwuň ýeterlik mukdaryny ugradýar. Indi «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Şatlyk» önümçilik edarasyny hem, «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň «Döwrebap» gaz paýlaýjy bekedini-de, şu sebitde gurlup işe girizilen telekeçilik kärhanalaryny hem hut şu desga suw bilen üpjün edýär. Ýene-de bir bellemeli zat, suw desgasynyň tutýan iki gektardan köpräk meýdanynyň kärhanada zähmet çekýän işgärleriň ösdürip ýetişdiren dürli miweli hem saýaly baglary bilen gurşalanlygydyr.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».