Nýu-Ýorkda 110 milliarder bar

30 Iýun 2024
280

«Forbes» iň köp milliarderli şäherleriň sanawyny neşir etdi. Onda mälim edilşine görä, 10 sany iri şäherde dünýä milliarderleriniň dörtden bir bölegi ýaşaýar. Olaryň umumy baýlygy 3 trillion amerikan dollaryna deň.

Sanawda umumy baýlygy 694 milliard amerikan dollaryna deň bolan 110 sany milliarderiň ýaşaýan ýeri bolan Nýu-Ýork şäheri birinji orunda ýerleşipdir. Şeýle-de ilkinji bäşlikde Moskwa (74 milliarder), Gonkong
(74 milliarder), Mumbaý (69 milliarder) hem-de Pekin (63 milliarder) şäherleriniň hem ady bar.

Taýýarlan: Durdymuhammet BAÝMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.