Halkymyzyň bähbitlerini nazarlaýar

20 Iýun 2024
66

Ata Watanymyz dünýäde nebit-gaz, elektrik energiýasyny öndürmekde öňdäki orunlarda durýar. Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyndan raýatlarymyzyň hiç hili bökdençsiz peýdalanmaklaryny ýola goýmak maksadynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda «Ahal—Balkan» we «Balkan—Daşoguz» ýokary woltly howa elektrik geçirijisiniň we podstansiýalaryň gurluşygy üçin enjamlary, materiallary we tehnikalary satyn almak hem-de telemehanika ulgamlaryny gurnamak barada şertnamalary baglaşmak hakynda Kararynyň kabul edilmegi bilen bu iri göwrümli  bekediň gurluşygyna girişildi.

 «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň 5-nji iýunynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň dowamynda Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisiniň we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleriniň işe girizilmegi bilen ýurdumyzda hereket edýän energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek boýunça iri taslama durmuşa geçirildi.

Kakamämmet NEPESOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.