Baý taryhly mekan

20 Iýun 2024
947

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň şöhratly taryhy, medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, milli gymmatlyklarymyzy geljekki nesillere ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda halkara derejede ýaýbaňlandyrylan medeni çärelerdir dabaralar hem muňa aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni götermek bilen bagly şanly ýylymyzda dürli dabaralar we çäreler ýokary derejede geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, “Bu şäher asyrlaryň dowamynda dünýäniň ylmy jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär we gadymy döwürlerden bäri tutuş Ýer ýüzünde bellidir”.

Azatgeldi KAKABAÝEW,
Babadaýhan etrabynyň prokurorynyň sülçüsi, 2-nji derejeli ýurist.