Şöhratly geçmişiň şaýady

19 Iýun 2024
102

Türkmen halky irki döwürlerden bäri dünýä medeniýetiniň, adamzat ýaşaýşynyň ösmegine mynasyp goşant goşup gelipdir. Muňa şöhratly taryhymyzyň dowamynda parasatly pederlerimiziň guran beýik şäherleri, gadymy ýadygärlikleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. Halkymyzyň beýik geçmişinden söz açýan, ylmy taýdan öwrenilmäge mynasyp şeýle taryhy ojaklaryň biri-de gadymy Amul galasydyr.

Arheologlaryň ýazgylarynda bellenilişi ýaly, Amyderýanyň 12 kilometr günorta-günbatarynda ýerleşýän bu gala mundan iki müň ýyl töweregi öň döräpdir. Şäheriň berkitmeli merkezi bölegi 9 gektar meýdany eýeläpdir. Onuň demirgazyk-günbatar burçunda gurlan içki galanyň beýikligi bolsa 33 metr bolupdyr. Şäheriň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmegi bu ýerde söwda gatnaşyklarynyň ösmegine giň şertleri döredipdir. Ýerli ilatyň ussaçylyk, daýhançylyk, zergärçilik, küýzegärçilik bilen meşgullanandygyna dürli ýyllarda geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gymmatlyklar hem şaýatlyk edýär.

Bägül MYRADOWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.