Ak mermerli ajap binalar görner

19 Iýun 2024
128

Milli bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi hem-de onuň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi, bu ulgamyň hil taýdan täze derejä çykarylmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär, munuň özi milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli işgärleriň kemala gelmegine gönükdirilendir. Geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde hem-de täze 2023 — 2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda birbada ýokary okuw mekdepleriniň üçüsiniň düýbi tutulypdy. Şolaryň birisi Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumydyr. Ýakynda biz gurluşyk işleriniň depgini bilen gyzyklanyp, bu ýere geldik.

20 gektardan gowrak meýdany eýeleýän binalar toplumynyň golaýynda bizi gurluşyk meýdançasynyň başlygy Nowruz Babajanow garşylady.

Ilmyrat ALLABERDIÝEW, ýörite habarçymyz.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.