Ykdysady ösüşde möhüm ädim

19 Iýun 2024
86

Golaýda hormatly Prezidentimiziň Daşoguz welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, ýurdumyzda bitewi halkalaýyn energoulgamy döretmegiň taslamasynyň çäginde gurlan Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisini işe girizmek dabarasyna gatnaşmagy ýylyň möhüm wakasy hökmünde elektroenergetika pudagynyň taryhynda nobatdaky sahypany açdy. Bu taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen, Diýarymyzda bir bitewi halkalaýyn energiýa ulgamy emele geldi.

Jemi uzynlygy 572 kilometr bolan Balkan — Daşoguz elektrik geçirijisini çekmek boýunça ähli işleriň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly tejribe toplan türkmen gurluşykçylary tarapyndan amala aşyrylandygyny bellemek gerek. Garagumuň üstünden geçýän bu ugur alnyp barylýan işleriň hiline aýratyn talaplary bildirdi. Döwletimiziň goldaw bermegi, pudagyň işgärleriniň işiniň dogry guralmagy netijesinde, gurluşyk-gurnama amallary gysga möhletlerde durmuşa geçirildi. Her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan «Balkan» we «Daşoguz» elektrik beketleri, olary birikdirýän ýokary woltly asma elektrik geçirijisi ýurduň bitewi halkalaýyn energoulgamynyň ahyrky tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanandygyny alamatlandyrdy.

Şanazar ALLAKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.