Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýar

18 Iýun 2024
247

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz ösýär, özgerýär, röwşen geljege tarap öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň dürli künjeklerinde döwrebap desgalar gurulýar, milli ykdysadyýetimiz has-da kuwwatlanýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän şeýle beýik işler halkymyzyň bähbidini nazarlaýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Biz muny halk bähbitli beýik işlerden, gurlup ulanmaga berilýän desgalardan, ýaşaýyş jaýlaryndan we medeni-durmuş ähmiýetli binalardan aýdyň görýäris. Muňa mysal edip, diňe şu ýylda gurlup ulanmaga berlen ençeme taryhy ähmiýetli desgalary görkezmek bolar. Şu ýerde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy, Mary welaýatynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyp ulanmaga berilmegi ýaly taryhy wakalary bellemek bolar. Şeýle hem Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň we Ýaşlyk şäherçesindäki kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň açylyp ulanmaga berilmegi, Balkan — Daşoguz ugry boýunça täze howa elektrik geçirijisi we her biriniň güýjenmesi 500 kilowolt bolan elektrik beketleri taryhy wakalaryň hatarynyň üstüni ýetirdi. Bularyň ählisi ýurdumyzyň beýik ösüşlerini, ykdysady kuwwatynyň barha ýokarlanýandygyny aýdyň beýan edýär.

Häzirki ajaýyp döwür ösüşiň we belent özgertmeleriň zamanasydyr. Bu döwür Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüdir. Bu ajaýyp zamanada halkymyzyň bähbidine beýik işler amala aşyrylýar, ykdysadyýetimiziň berk binýady üpjün edilýär. Durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasatda, ykdysadyýetde, ylym-bilim ulgamynda, saglygy goraýyşda, medeniýetde, sungatda, sportda... amala aşyrylýan işler, gazanylýan görlüp-eşidilmedik üstünlikler ýurdumyzyň okgunly ösüşini üpjün edýär. Şol ösüşleriň bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýändigine biz her gün aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiz

Mähri MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.