TOGRUL BEG

9 Iýun 2024
77

Çeşmelerde seljuklaryň Nişapury eýelände, hiç hili talaňçylyk bilen meşgullanmandygy tassyklanýar. Professor B.Zahoderiň haçly ýörişler boýunça nemes taryhnamasynda «wagşy urşujy warwarlar» diýip atlandyrylan seljuklaryň öz wagtynda Rim imperiýasyna çozan german taýpalary bilen deňeşdirende, wagşy däldikleri baradaky pikirini (Заходер Б.Н. Хорасан и образование государства сельджуков. // – ВИ. 1945, № 5-6. – С.140) müň keren mamla hasaplaýarys. Muny Seljuk imperiýasyny ilkinji esaslandyryjylaryň döwlet paýhasy bilen düşündirmek dogry bolardy.

Togrul beg Nişapura girende, 3 ýyllap halkdan ýeke dirhem hem almazlygy emr edipdir. S.G.Agajanow Togrul begiň bu hereketiniň oba hojalygyny dikeltmek üçin wagtlaýyn çäre bolandygyny, soňra ýer salgydynyň dowamly ýagdaýda ýygnalandygyny ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. – М., 1991, С.71, 244.; МИТТ. Т.I. C.376).

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.