Watançylygyň nusgasy

5 Iýun 2024
474

Watançy hökmünde giňden tanalýan, XVIII asyryň iň beýik akyldarlaryndan biri Magtymguly Pyragydyr. Nesillerde mukaddes Watana, öz milletiňe, adamzada bolan belent häsiýetleri terbiýelemekde, halklaryň arasynda dost-doganlygy berkitmekde, jemgyýetimiziň mundan beýläk-de sazlaşykly ösüşini gazanmakda Magtymgulynyň edebi mirasy ägirt uly ähmiýete eýedir.

Dana Pyragynyň döredijiliginde watançylyk duýgulary çuň mazmunly beýan edilýär. Magtymgulynyň mertlik, gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetleri öwüt-ündew edýändigini «Begler», «Aty gerek», «Meýdan ýoluksa», «Mert biläni» ýaly goşgularynda görmek bolýar. Mälim bolşy ýaly, bu şygyrlaryň many-mazmunynda türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri beýan edilýär. «Mert çykar myhmana güler ýüz bilen» diýen setirde türkmen halkynyň myhmansöýerligini duýmak bolýar.

Aziza IŞBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.