Änew – gadymy medeniýetiň gözbaşy

29 Maý 2024
268

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda belleýşi ýaly, biziň halkymyz beýik sungaty, nusgawy ýörelgeleri we gaýtalanmajak medeni mirasy bilen giňden tanalýar. Türkmen medeniýeti dünýä medeniýetiniň ösüşine mynasyp goşant goşdy. Munuň şeýledigine şaýatlyk edýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýi halkymyzyň şan-şöhratly taryhyny äşgär edýän gymmatlyklarymyzyň saklanýan ojagy. Binagärlik sungatymyzyň täsin gözelliklerine beslenen muzeýiň binasynda bugdaý sümmülleriniň şekilleriniň ýerleşdirilmegi uly mana eýedir. Mälim bolşy ýaly, amerikan alymy Rafael Pampelliniň Änewiň taryhy depelerinde geçiren gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, ekerançylyk medeniýeti bilen baglanyşykly gymmatly maglumatlar ýüze çykaryldy we ak bugdaýyň däneleri tapyldy. Munuň özi geçmişde ata-babalarymyzyň ak bugdaýy medeni usulda ösdürip ýetişdirendigini görkezýär. Iň gadymy ak bugdaýyň Änewiň depelerinden tapylmagy, diňe bir halkymyz üçin däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiligi üçin hem bahasyz taryhy gymmatlyk bolup, bu ýerde gallaçylygyň gülläp ösendigine güwä geçýär. Ýüze çykarylan ak bugdaýyň däneleri häzirki wagtda muzeýiň esasy gymmatlyklarynyň biri bolmak bilen, ak bugdaýyň Watanynyň türkmen topragydygyny dünýä aýan edýär. Muzeý hemişe köp adamly. Ol ýere gelýänleri oba hojalyga, ekerançylyga, arheologiýa, etnografiýa degişli gymmatlyklar bada-bat özüne çekýär. Şeýle-de bu gymmatlyklar gadymy döwürlerde Änewiň ekerançylygyň, maldarçylygyň ösen ýerleriniň biri bolandygyny delillendirýär. Irki döwürlerde ekerançylykda dag çeşmeleriniň suwy ulanylypdyr. Änewde ekerançylygyň ýörgünli kär bolandygyny şöhlelendirýän, geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde tapylan küýze önümleridir daş sokulary häzirki döwürde Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde aýawly saklanýar.

Änew medeniýeti — halkymyzyň beýik taryhyny dünýä ýaýýan, açyk asmanyň astyndaky ýadygärlikleriň biri. Bu ýerdäki Seýit Jemaleddin ýadygärligi özboluşly çeperçiligi, syrçaly bezegleri, ownuk ösümlik nagyşlary bilen haýran galdyrýar. Il arasynda «Änew metjidi» ady bilen tanalýan Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumy, gadymy galalar bu taryhy mekanyň geçmişdäki syrlaryny açýar. Änew şäherinden uzakda bolmadyk ýerde ýerleşýän bu toplum asyrlarboýy jahankeşdeleriň ünsüni çekip gelýär. Binagärlik sungatynyň gaýtalanmajak täsin nusgalaryny özünde jemleýän bu ýadygärlik, taryhda «Gözellik öýi» ady bilen tanalypdyr.

Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni.