Gadymyýetiň öçmez çyragy

15 Maý 2024
1102

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby taryh ylmynda täze ylmy garaýyşlaryň döremegine itergi berdi. Pähim-paýhasa ýugrulan bu eserde gadymy kerwen ýolunyň ugrunda ýerleşen şäherler, olaryň döreýşi hakynda gymmatly maglumatlar ýerleşdirilen. Hususan-da, kitapda gadymy Amul şäheri barada giňişleýin söhbet edilýär.

Geçmişde Gündogardan Günbatara barýan ýollaryň esasy ygtybarly bölegi, şeýle-de Buharadan Merwe barýan iň gysga ýol Amulyň üstünden geçipdir. X asyrda arap syýahatçysy Abul Faraj Kudama al-Basry taryh üçin örän gymmatly bolan Amul bilen Buharanyň arasyndaky ýoluň beýanyny ýazypdyr. Orta asyr alymy Istahriniň belleýşi ýaly, Mawerannahrdan Amula gelýän ýoluň Jeýhunyň sag kenaryndaky iň soňky menzili uly Juma metjidi bolan Farap şäheridir. Köne şäheriň çägindäki Bitikgala Amulyň göni garşysynda ýerleşip, onuň ýumrulan harabalarynyň täsin galyndylaryny biziň günlerimizde hem synlap bolýar. Amul şäheri Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistana gelýän ugrunda ýerleşýän uly şäher we kerwen ýollarynyň çarýana rowana bolýan merkezi bolupdyr. Alym M.Ý.Massonyň «Merwden Horezme we Mawerannahra çenli orta asyr söwda ýollary» atly ylmy makalasynda Amulyň satraplyk (welaýat) hökmünde Ahemeniler nesilşalygynyň düzümine girendigi, onuň özbaşdak döwlet derejesine ýetip, Horezme we Margiana bäsdeşlik gurandygy, belli bir taryhy döwürde kuwwatly Amul döwletiniň Baktriýa şalygynyň düzümine girendigi we onuň paýtagtynyň antik alymlaryň eserlerinde ýatlanylýan Zeriaspi şäheri bolandygy barada maglumat berilýär. Zeriaspi adalgasy Amulyň günortasyndaky Zergerdepäniň adynda saklanypdyr. Ylmy barlaglar, hakykatdan-da, Amuldan 5-7 kilometr günortada ýerleşýän Zergärdepeden we Göbeklidepeden tapylan arheologiýa gymmatlyklarynyň antik döwre degişlidigini görkezdi. «Zeriaspi» sözi «Altyn atly» diýen manyny aňladýar.

Azatgeldi HANYÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň Türkmenistanyň taryhy we ony okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.