Bilelikde işlemek — üstünligiň kepili

22 Aprel 2024
205

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek, tebigy gazyň gazylyp alynýan möçberlerini artdyrmak boýunça anyk we jogapkärli wezipeleri kesgitledi. Ol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, il-ýurt bähbitli meselelerde ýokary netijeleri gazanmak üçin tagallalary birleşdirmek, maksada okgunly zähmet çekmek talap edilýär. Şol talaplardan ugur almak bilen, ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň edaralarynda anyk we netijeli işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň bilelikde alyp barýan işleri, bu babatda ýakyn ýyllar üçin tassyklanan meýilnama hem aýdyň mysallaryň biridir.

— Hawa, şanly wakalara baý, uly ösüşlere beslenýän ýylda tebigy gazyň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak maksady bilen köptaraply, maksatlaýyn işlere badalga berildi. Munuň üçin Lebap welaýatynyň çäginde hem gözleg-barlag, ulanyş we baha beriş guýularyny burawlamagyň meýilnamasy işlenip düzüldi. Şoňa laýyklykda, häzirki günlerde degişli işleri guramaçylykly girişýäris — diýip, «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň düýpli gurluşyk bölüminiň başlygy Myrat Koşaýew gürrüň berýär.

Mämmetgylyç KÜTIÝEW,
«Nebit-gaz».