Baş maksat — ulag ulgamynda tagallalary birleşdirmek

22 Aprel 2024
190

Aşgabat forumy ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliliginiň ählumumy durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy şertidigini görkezdi

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz 1994-nji ýyldan bäri Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agzasy bolmak bilen, milli derejede demir ýol ulagy düzümleriniň sazlaşykly ösdürilmegi, sebit derejesinde utgaşykly ulag syýasatynyň amala aşyrylmagy esasynda halkara üstaşyr ýükleri daşamagyň ugurlaryny giňeltmek babatda tagalla edýär. Şu jähetden, türkmen paýtagty Aşgabat şäheriniň «Ýyldyz» myhmanhanasynda 15 — 19-njy aprelde Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň geçirilmegi degişli ugurdaky hyzmatdaşlygy giňeltmekde möhüm ädim boldy.

«Nesil».