Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

21 Aprel 2024
171

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 46 sanysy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Azerbaýjandan, Serbiýadan we Özbegistandan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, suwuklandyrylan gazy, şeýle-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserninde öndürilen «B» markaly karbamidi satyn aldylar. Şol sanda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen arassalanmadyk buýan köki hem-de kök baldaklary satyn alyndy. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 35 million 703 müň 400 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

TDHÇMB.