Ulag diplomatiýasynyň türkmen nusgasy — Aşgabat — Türkmenabat awtobany

21 Aprel 2024
216

Luw ýylynyň — 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 17-sinde gadymy Mary topragynyň ýaň salan tutumly dabarasynda durkaň, nazaryň ilerdäki-gaýradaky guba depelerde eglenýär. Hawa, bu ýerler Garagumuň içi, has anygy, şöhraty äleme ýaýran gadymy Ýüpek ýolunyň geçen ýerleri. Ösen dünýäniň häzirki döwründe bolsa Türkmenistan öz milli ykdysadyýetiniň hasabyna, öz gujur-gaýratly, başarjaň, zamananyň iň çylşyrymly inženerçilik-tehnologik çözgütlerini kemsiz berjaý edibilýän hünärmenleriniň güýji bilen Garagumuň içinden awtoban gurýar.

Awtobanyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow dünýäniň geosyýasy giňişliginde ýurdumyzyň juda amatly ýerde ýerleşmek bilen, häzirki zaman ösüşiniň esasy starategik ugry bolan ulag-logistika babatda täze taslamalary amala aşyrýandygyny, şeýlelikde, Demirgazyk-Günorta, şeýle hem Gündogar-Günbatar ugurlary boýunça ýollaryň gurluşygyna uly ähmiýet berýändigini nygtady. Garagumuň içinden gurulýan awtoban munuň anyk mysalydyr.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, «Biznes reklama».