«LVMH» korporasiýasynyň girdejileri hytaýly baýlaryň hasabyna köpelýär

21 Aprel 2024
198

Bernar Arnonyň LVMH korporasiýasynyň girdejileri hytaýly baýlaryň hasabyna ýokarlanýar. 75 sany lýuks brendleri özünde jemleýän korporasiýanyň önümlerine bolan isleg 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde Hytaýda 10 göterim artdy. Bu hasabata degişli brendleri satyn alýan hytaýlylaryň diňe Hytaýyň çäginde däl, eýsem daşary ýurtlardaky söwdalary-da girýär. Meselem, şeýle söwdalaryň uly bölegi Ýaponiýanyň paýyna düşýär: bu ýurtda hytaýly syýahatçylar «Louis Vuitton» torbalaryny we beýleki gymmatbahaly harytlary satyn alýarlar. Hytaýlylaryň öz ýurdunda däl-de, hut Ýaponiýada köp söwda etmekleri häzirki wagtda ýeniň hümmetsizlenmegi bilen baglydyr.

Taýýarlan: Gülälek Aşyrowa,
Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň 13-nji orta mekdebiniň mugallymy.