Entegem Hytaýa maýa goýýan milliarderiň pikiri

21 Aprel 2024
149

«Meniň maýa goýmak usulyma görä, «ýaramaz bazar» diýen düşünje ýok, diňe ýaramaz çözgüt çykarmak hadysasy bar». Dalionyň sözüne görä, «Hytaýyň syýasatyna düşünýän adam islendik meseleden baş alyp çykyp biler».

Dünýäniň görnükli maýadarlarynyň biri bolan Reý Dalio «Linkedin» sosial torunda Hytaýda gazna bazarynyň pese düşmegine, ykdysady meseleleriň ýüze çykýandygyna garamazdan, näme üçin şu ýurtda maýa goýýandygy barada gürrüň berdi. Ol 40 ýyldan gowrak wagt bäri hytaý işewürligine maýa goýup, ähli maýa goýumlarynyň-da şowly bolandygyny aýdýar.

Taýýarlan: Ýunus ÇÖRLIÝEW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.