Netijeli işler alnyp barylýar

19 Aprel 2024
291

Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumynda buýan köküni we onuň ekstraktyny öndürmekde netijeli işler alnyp barylýar. Toplumda şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynda 6 million 112 müň 412 manatlyk önüm öndürilip, iş meýilnamasy üstünlikli berjaý edildi.

Has takygy, bu döwürde buýan köküniň 779 tonnasy, onuň ekstraktynyň bolsa 375 tonnasy öndürildi. Şeýle-de degişli döwürde buýan köküniň ekstraktynyň 105 tonnasy eksport edildi. Toplumyň agzybir işgärleri üstümizdäki ýylda buýan köküni ýygnamaga hem guramaçylykly girişýärler.