Haýyr-sahawatly işler

18 Aprel 2024
220

Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen başlangyçlarynyň aýdyň beýanyna öwrülen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ynsanperwerlik işleriniň ençemesi durmuşa geçirilýär.

Döredilenine bary-ýogy 3 ýyl bolandygyna garamazdan, gaznanyň hemaýatkärliginde howandarlyga mätäç çagalaryň onlarçasy operasiýa edildi, şeýle-de derman serişdeleridir lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edildi. Ýeri gelende, howandarlyga mätäç daşary ýurtly çagalaryň hem ünsden düşürilmeýändigini hem bellemelidiris. Has dogrusy, hormatly Prezidentimiziň Buýrugy esasynda, 2024-nji ýylyň 4-nji aprelinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan dostlukly täjik halkynyň çagalaryna derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma önümleri, çaga eşikleri, konditer önümleri sowgat hökmünde berildi. Munuň özi türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli gatnaşyklarynyň, ynsanperwer däp-dessurlarynyň, şeýle hem gaznanyň işiniň halkara derejede dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Asylly işleriň durmuşa geçirilýän mekanyna öwrülen ýurdumyzyň her bir başlangyjydyr goldaw-hemaýaty bu günki gün halkara derejede ykrar edilýär. Muňa gaznanyň adyna daşary ýurtlardan, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan gelip gowşan hoşallyk hatlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şirin ÖWEZBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.