Täze galkynyşyň röwşen şuglasy

17 Aprel 2024
263

Ykdysadyýetde ýylyň birinji çärýegine işjeňligiň artýan we geljekki mümkinçilikleriň binýadyny goýýan döwür hökmünde baha berilýär. Ýylyň ilkinji aýlarynda geçen ýylyň jemleri jemlenilip, geljek üçin wezipeler kesgitlenilýär. Birinji çärýekde kabul edilýän çözgütler we durmuşa geçirilýän işler tutuş ýylyň üstünlikli bolmagynda hem-de durnukly ösüşiň gazanylmagynda uly ähmiýete eýedir. 6-njy aprelde hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleriniň jemlenilmegi we öňde durýan täze wezipeleriň kesgitlenilmegi hem berkarar Watanymyzyň mundan beýläkki ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir.

Hökümetiň mejlisinde habar berlişi ýaly, 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, toplumlaýyn çäreleriň görülmegi jemi içerki önümiň ösüşiniň durnukly saklanmagyny şertlendirdi. Ýylyň birinji çärýeginde jemi öndürilen önümiň 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,8 göterim artmagy hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizi düzümleýin özgertmek we diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, innowasion ösüşini gazanmak boýunça amala aşyrylýan işleriň oňyn netije berýändigini tassyklaýar. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp, senagat pudagynda 4,7 göterim, ulag we aragatnaşykda 6,6 göterim, hyzmatlar ulgamynda 7,6 göterim, söwda ulgamynda 8,2 göterim, oba hojalyk pudagynda 4,1 göterim ösüş gazanylmagy, bölek satuw haryt dolanyşygynyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11 göterim ýokarlanandygy, döwlet býujetiniň girdeji böleginiň 102,9 göterim, çykdajy böleginiň bolsa 97,6 göterim ýerine ýetirilendigi hem öňde goýlan wezipelere ýetmek üçin sazlaşykly işleriň alnyp barylýandygyny görkezýär.

Selimberdi HOJABERDIÝEW,
Aşgabat şäheriniň Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň başlygynyň orunbasary.