Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

17 Aprel 2024
275

Suw desgasynyň bökdençsizligi gazanylýar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Marygazçykaryş” müdirliginiň durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug, üpjünçilik sehiniň “Galkynyş” suw arassalaýjy desgalar toplumy 2012-nji ýylda gurlup, ulanylmaga berildi. Bu kärhana gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän “Galkynyş” gaz käniniň edara-kärhanalaryny arassa suw bilen bökdençsiz üpjün edýär. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň suw arassalaýjy enjamlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhana sekiz ýarym gektar meýdany tutýar. Bu ýerde şol enjamlara başarjaňlyk bilen erk edýän hünärmenleriň hem işçileriň segsene golaýy zähmet çekýär. Bu toplumda her gije-gündizde 18 müň kub. metr arassa suw öndürilýär hem-de ýokary basyşly suw geçirijiler arkaly sarp edijilere ugradylýar.