Ýurdumyzyň gurluşyk kuwwaty artýar

24 Mart 2024
454

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary uly ösüşlere eýe bolýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmak üçin döwrebap desgalar, zawodlar gurlup ulanmaga berilýär. Hut şeýle netijeli işleriň esasynda önümçilik pudaklary ýola goýulýar. Netijede, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleriň dürli görnüşleri öndürilýär. Ynha, ýakynda ýurdumyzyň gündogar sebitinde Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ulanmaga berildi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny alamatlandyrmak bilen bir hatarda, gurluşyk senagatynyň döwrebap derejede ösdürilýändigini subut edýär.

Ýurdumyzda dürli önümçilikleri ýola goýmak üçin zerur bolan çig mallaryň baý gorlary bar, şonuň ýaly-da, senagat üçin dag magdanlarynyň uly goruny hem aýratyn bellemek bolar. Çig mal ýataklaryndan alynýan we senagatyň dürli ugurlary üçin çig mal bolup biljek tebigy minerallar täze önümçilikleri ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Şonuň esasynda Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyplydygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän binagärlik-gurluşyk işleriniň has-da rowaçlanmagyna ýardam edýär.

Amanbike MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.