Nawigasiýa möhürleriniň ulanylmagy ýük daşaýjylaryň çykdajylaryny 20% ýokarlandyryp biler

23 Mart 2024
201

Ýewraziýa ykdysady bileleşiginde nawigasiýa möhürlerini ulanmak üçin nyrhlar häzire çenli diňe Belarusda tassyklandy. Bileleşige agza bolup durýan beýleki döwletlerde bolsa bu iş heniz ylalaşmak tapgyrynda barýar. Bu barada «IRU-nyň» Ýewraziýadaky hemişelik wekiliýetiniň ýolbaşçysy Wadim Zaharenko «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi.

– Biziň çaklamalarymyz uzak aralyga ýük daşalanda daşaýjylaryň maliýe çykdajylarynyň ýük bahasynyň 20 %-ine ýetip biljekdigini tassyklaýar — diýip, bilermen nygtady.