2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek ulaglar arkaly söwda dolanyşygy

23 Mart 2024
237

2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistanyň goňşy Özbegistan bilen ulaglar arkaly özara söwda dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 3 esse ýokarlandy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berdi.

Hasabat döwründe Türkmenistanuň Özbegistana amala aşyran eksportynyň mukdary 173,5 million amerikan dollara deň boldy. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji geçen ýylyň deslapky iki aýyndakydan 4,3 esse (geçen ýylyň ýanwar-fewral aýlaryndaky görkeziji 40,2 million amerikan dollaryna barabar) köpdür. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Türkmenistan umumy bahasy 11,1 million amerikan dollaryna deň bolan harytlary we hyzmatlary Özbegistandan import etdi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 8,4 million möçberde azdyr. Şeýlelikde, ýanwar-fewral aýlarynda türkmen-özbek söwda dolanyşygy üç esse artyp, 184,6 million amerikan dollaryna deň boldy. Geçen ýylyň degişli döwründe iki ýurduň arasynda jemi 59,8 million amerikan dollarlyk özara söwda amala aşyrylypdy.