Russiýada 2030-njy ýyla çenli ýarym wagonlarda konteýner daşamagyň möçberi her gün 25-35 otla ýetiriler

22 Mart 2024
496

2030-njy ýyla çenli ýarym wagonlarda konteýner daşamagyň möçberi bir gije-gündiziň dowamynda 25 — 35 otla çenli artdyrylar. Muny «Фининвест» kompaniýasynyň baş direktory Aleksandr Kahidze «TransRussia 2024» forumynda eden çykyşynda belledi. Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda bu ugurdaky rekord görkeziji bir gije-gündiziň dowamynda 11 otlynyň hereketinden ybaratdyr.

– Hut şu maksat bilen hem, biz Nowosibirskidäki ýük daşamak toplumlarynyň infrastrukturasyny taýýarlaýarys we Kemerowoda şeýle taslamalaryň birini durmuşa geçirip başladyk. Biz ýarym wagonlaryň ýollanylmagynyň Günbatar-Sibir demir ýolunda jemlenmelidigine ynanýarys – diýip, spiker belledi.