Lebap sement zawodynyň täze tapgyry döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň artmagyna goşant goşar

21 Mart 2024
261

Ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek ýoluny saýlap alan Türkmenistanda bu ugurda yzygiderli çäreler durmuşa geçirilip, innowasion tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan häzirki zaman kärhanalarynyň gurluşygyna, önümçilik kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyna, ýerli çig malyň esasynda ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ýokary hilini we bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Köýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge ukyply Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Iri senagat kärhanasynyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Lebap welaýatynyň Kerki Halkara howa menzilinden dikuçarda Köýtendag etrabyna ugran hormatly Prezidentimiz açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerinde mähirli garşylanyldy. Bu ýerde medeniýet, sungat ussatlary tarapyndan ýörite taýýarlanan joşgunly aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.