Hususyýetçilik: ösüşde täze sepgitler

20 Mart 2024
339

Ýakynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat gelen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 16 ýyllygy mynasybetli sergi guraldy, şeýle-de paýtagtymyzda täze gurlan «Arkaç» söwda medeni-dynç alyş merkezi dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berildi.

Birleşmäniň agzalarynyň geçiren maslahaty hem bu şanly sene bilen baglanyşykly boldy. Hususyýetçileriň giňden ýaýbaňlandyrylan sergisinde döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän köp görnüşli senagat önümleri, ýokary hilliligi bilen içerki we daşarky bazarlarda alyjylaryň uly isleglerinden peýdalanýan oba hojalyk we azyk önümleri mynasyp orun eýeledi. Şeýle hem sergide hususy kärhanalaryň dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýokary derejeli binagärlik desgalary, hususan-da, Arkadag şäherindäki gurluşyklar, ulag-logistika pudagynyň ösüşleri, halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň möhüm düzümini emele getirýän Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygynda alnyp barylýan işler, sanly ykdysadyýeti, maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda ýetilen sepgitler, döwrebap hyzmatlar giňden şöhlelendirildi. Olardan görnüşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli desgalaryň, binalaryň gurluşygynda täzeçil tehnologiýalar, nou-haular, sanly ulgam ornaşdyrylýar. Şeýle-de gurluşyk işlerinde «ýaşyl» tehnologiýalar göz öňünde tutulyp, daşky gurşawyň abadançylygyna aýratyn üns berilýär. Ýerli howa hem-de toprak şertlerine laýyk gelýän baglardyr ösümlikler oturdylýar. Bu babatda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler hem buýsandyryjydyr. Bu şäheriň çäginde guruljak senagat zolagy hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna häzirki zamanyň ekologik talaplaryna laýyk gelýän kärhanalary döretmäge ýardam eder.

Arslan TÄŞLIÝEW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň başlygy.