Telekeçilik — ykdysadyýetiň möhüm ugry

20 Mart 2024
369

Garaşsyz ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm ugurlarynyň biri bolan telekeçiligi ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär, bu babatda möhüm ähmiýetli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» çäklerinde, şonuň ýaly-da «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» telekeçiligiň ösüşini dünýä derejesine çykarmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň berýän ajaýyp miwesidir.

Bu günki gün telekeçilik ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pajarlap ösmegine, barha kuwwatlanmagyna önjeýli goşant goşýan pudaklaryň birine öwrüldi. Muny hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kiçi we orta telekeçiligi has-da ýokary depginler bilen ösdürmegiň, şonuň netijesinde jemi içerki önümiň ösüşinde hususy pudagyň paýyny 71 göterimden hem artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygynyň bellenilmegi-de şu aýdylany doly tassyklaýar. Şol mejlisde hormatly Prezidentimiziň senagatda, gurluşykda, oba hojalygynda geçen ýylda amala aşyrylan işler, gazanylan netijeler barada getiren delilleri ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde telekeçileriň uly goşantlarynyň bardygyny görkezýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».