Arkadagly Gahryman Serdarymyz, Siz bilen şöhratly gül Diýarymyz!

20 Mart 2024
258

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow:
— Ýurdumyzyň ösüş ýoluny şan-şöhrata beslemek biziň el-ele berip, birek-birege düşünip, ähli gujur-gaýratymyzy bir ýere jemläp, halal zähmet çekip gazanjak ýeňişlerimize baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli parasatly başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy jan-dilden söýmek, halka, ile-güne halal hyzmat etmek ýaly asylly däpler mynasyp dowam etdirilýär. Peder ýörelgelerine uýmak, janypkeşlik bilen agzybirlikde zähmet çekmek, keremli topragyňy söýmek, ata Watanyňy başyňa täç etmek, sözüň doly manysynda, gudrat döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yhlas-myradyndan Watanymyz jenneti mekana öwrülýär, il-ýurt bähbitli binalardyr desgalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň açyp ulanmaga berýän binalarydyr desgalarynyň toý-dabaralaryna gatnaşmak her bir adam üçin bagt. Uludan tutulan toýdur baýramlar ata Watanyňa söýgiňi, beýik ösüşlere buýsanjyňy artdyrýar, ruhuňy beýgeldýär, ömrüňe ömür goşýar.

Annamyrat MÄMMEDOW,
«Aşgabat».